Adatça intellekt diýip pikirleniş ukybyna düşünýärler.
Adamyň intellektini ölçemeklige ylmy çemeleşme XlX asyryň
ikinji ýarymynda Angliýada başlanýar we Frensis Galtonyň ady
bilen baglanyşykly bolýar. Ol ilkinji bolup ulgamlaýyn maşgala
we ekizler barlaglaryny geçirýär, ogullyk alnan çagalary
öwrenýär we olaryň özlerini alyp baryş häsiýetnamalaryny
yzarlaýar. Galton tanymal, meşhur adamlaryň maşgalalarynyň
köpüsini seljerýär we olaryň garyndaşlarynyň arasynda
populýasiýa garanyňda zehinli şahsyýetleriň has köpdügini
ýüze çykardy. Meselem: Bahyň maşgalasynda beýik
sazandalar, Bernulliniň maşgalasynda tanymal matematikler,
Darwiniň nesil daragtynda belli adamlar köpdür. Ýöne munuň
bilen bir hatarda Bethowen, Gauss we Franklin beýleki
garyndaşlarynyň arasynda öz şöhratlarynyň beýikliginde ýeke-
täk bolupdyrlar.
Galton indiki ýönekeýleşdirilen taglymatdan ugur alyp
intellekti öwrenmeklige gönükdirilen sowalnamany işläp
düzýär: ähli maglumat adama duýgy organlaryndan barýan
bolsa, onda iň akylly adamlarda duýgy organlary has
kämilleşen bolmaly. Onuň sowalnamasynda kabul edişe,
hereket işjeňligine we wagt reaksiýasyna degişli ýumuşlar
bolupdyr. Emma XX asyryň başlarynda şeýle çemeleşmäniň
ýönekeýligi we nätakyklygy ýüze çykaryldy.
Darwiniň talaplaryna jogap berip, fransuz psihology Alfred
Bine 1904-nji ýylda intellekti ölçemekligiň birinji üstünlikli
sowalnamasyny işläp düzdi. Bine özüniň kärdeşi Teodor Simon
bilen umumy meýilnama boýunça geçirilýän sapaklardan
ýeterlik bilim almaýan çagalary ýüze çykarýan sowalnamany işläp düzýärler. Sowalnama ýady we pikirlenmäni barlamaga
gönükdirilen birnäçe kiçi ýumuşlardan ybarat. Aýratyn üns
adamyň söz üsti ösüşine berildi. Stenford uniwersitetinden
Lýuis Termen Bine-Simon sowalnamasyny terjime edýär we
ABŞ-da uýgunlaşdyrýar. IQ (intellegence quotient) ýa-da
intellekt-akyl görkezijisi diýen düşünje döreýär.
Işläp düzüjileriň pikiriçe, sowalnamalaryň kömegi bilen
öwredilmä we durmuş tejribesine bagly bolmadyk dogabitdi
akyl ukyplary bahalandyrylýar. Sowalnamalaryň ýumuşlary
sowal edilýänleriň ýaş aýratynlyklaryny hasaba almak bilen
toplanýar. Jynsyň täsirini aradan aýyrmak üçin oglanlaryň we
gyzlaryň dürli jogap berip bilýän soraglary sowalnama
goşulmaýar. Sowalnamanyň netijelerine dil tapawutlary täsir
etmez ýaly bolsa, söz üsti däl sowalnamalar döredilýär.
Sowalnamada çaga utuklary (ballary) toplaýar we olar boýunça
“akyl ýaşy” kesgitlenýär. Bu “ýaşy” çaganyň hronologiki ýaşy
bilen deňeşdirip, onuň akyl ösüşiniň derejesini kesgitleýärler –
togtadylanmy ýa-da öňe gidýärmi. Berlen ýaş üçin nusga,
çagalaryň degişli ýaş toparynda toplan utuklarynyň ortaça
mukdary hasaplanylýar. Umumy intellekt özüniň dürli
düzüjilerinde dürlüçe şöhlelenýär, ýöne özi indiwidiň durnukly
häsiýeti bolup durýar diýip hasaplanylýar. IQ-nyň dürli
düzüjileri (söz baýlygy, meňzeşlikleri tapmak, keşpleri
tanamak, söz üsti we söz üsti ýumuşlar) özaralarynda
tapawutlanýarlar.
Stenford-Binenyň testi 1916-njy ýylda çap edildi we ýarym
asyra golaý beýleki intellekti barlaýan testleriniň-
sowalnamalarynyň arasynda has meşhury bolupdyr.
ABŞ-na IQ sowalnamalaryň ýaýramagyna-1917-nji ýylda
Amerikanyň Birinji Jahan urşuna girişmegi itergi berýär.
Esgerlerde sowalnama geçirmek zerurlygy söz üsti we söz üsti
däl ukyplary bahalandyrmak üçin toparlaýyn sowalnamalaryň
çalt kemala gelmegine getirdi. Bu ýagdaýdan amalyýet netijesi
gelip çykdy, ýagny, IQ sowalnamalary diňe çagalar üçin däl-de, ulular üçin hem ähmiýetlidir we takykdyr. Sebäbi 2 milliona
golaý esgerleriň maglumatlary seljerildi. Soňra Dewid Weksler
öňki bir topar sowalnamalaryň ýumuşlaryny birleşdirýär. Ol
lukmanlaryň – ilkinjisi bolup, adamyň psihiki häsiýetlerini
barlamak üçin IQ sowalnamalaryň maksadalaýyklygyny gördi.
Onuň pikiriçe, bu sowalnamalar islendik psihometriki abzallara
garanyňda has gymmatly maglumat berip bilýär. Şeýdip, söz
üsti IQ boýunça utuklaryň ýetmezçiligini çep ýarymşaryň
bozulmalary, keşp IQ boýunça utuklaryň ýetmezçiligini bolsa,
sag ýarymşaryň bozulmalary bilen düşündirmek bolýar.
IQ barlaglary bilen meşgullanan belli alymlaryň biri hem
Gans Aýzenk bolupdyr. Onuň barlaglarynyň görkezişi ýaly,
adamyň intellektiniň 70% nesle geçijilik we diňe 30% daşky
gurşaw bilen şertlenendir. Adam okuwda, hünärde we tutuş
sosial durmuşynda gazanan zatlaryň köpüsi onuň nesle
geçijiligine baglydyr.
1936-njy ýylda öňki SSSR-de genetikanyň ösüşi we akyl
ukyplarynyň sowalnamalarynyň geçirilmegi gadagan edilýär.
Takmynan, 1980-nji ýylda öňki SSSR-de IQ
sowalnamalarynyň geçirilmegine rugsat almaga moskwaly
alymlar synanyşýarlar. Olar bir topar barlaglary ekizlerde
geçirip, IQ nesle geçýändigini kesgitleýärler.